milli goshun logo
Milli Liderimiz ýazky köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna badalga berdi
Milli Liderimiz ýazky köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna badalga berdi
23.03.2020 878 Habarlar

21-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasy geçirildi. Bag ekmek dabarasy bahar paslynda tebigatyň aýratyn sahawatly häsiýete eýe bolýandygy, gülläp ösüşi, mähriban topraga söýgini özünde jemleýän ruhy däplere we gymmatlyklara ygrarlylygy alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe bagyşlandy.

Baharyň ajaýyp pursadynda Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda agzybirlikli zähmet joşguny döredi. Müňlerçe adamlar uly ruhubelentlik bilen bu asylly çäre goşuldylar.

Şeýlelikde, ýurdumyz boýunça 1 million 604 müň 200 düýp bag nahallary ekildi.

Geçen 2019-njy ýyla garanyňda, bu 45 göterim köpdür ýa-da 721 müň 890 düýp bag nahaly köp ekildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän senesi bolan 2020-nji ýylda ýurdumyzda jemi 10 million düýp bag nahallary ekiler.