Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç güni säher bilen dag eteklerinde welosipedli gezelenç etdi we ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy.
Sagdyn durmuş ýörelgelerini we halkymyzyň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan eden milli Liderimiziň bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirip hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýändigi hemmelere mälimdir.