10-njy maýda geçirilen
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli Liderimiz wise-premýer
Ç.Purçekowa ýüzlenip, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň örän gowşak
işleýändigini nygtady. Ministrligiň ýolbaşçysy özüne degişli bolmadyk ähli
borçlardan boşadyldy. Häzirki döwürde onuň esasy wezipesi ýurdumyzda alnyp
barylýan gurluşyklaryň we binagärligiň hiline gözegçilik etmekden ybaratdyr.
Döwlet
Baştutanymyz bu ugurda görülýän çäreleriň üstünde durup geçip, welaýatlarda
ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin adamlara mellek ýerleriniň berilýändigini
belledi. Bu işleriň alnyp barlyşyna, kimiň nähili gurýandygyna, jaýlaryň gat
sanyna we binagärlik ýagdaýynyň nähilidigine bolsa hiç kim gözegçilik etmeýär.
Şoňa görä-de, gurluşyk işleri talabalaýyk alnyp barylmaýar, gurluşyk we
arassaçylyk kadalary bozulýar. Muňa bolsa hiç kim seretmeýär.
Her welaýatda häkimiň gurluşyk boýunça orunbasary, gurluşyk bölümi bar. Etraplarda hem gurluşyklar üçin jogapkär adamlar bellenen. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, bu ýagdaýy gyssagly seljermegi hem-de işleri düzetmek üçin görlen çäreler barada Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.