25-nji aprelde döwlet Baştutanymyz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke
atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar
geçirildi. Şol dabaralaryň çäklerinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik
bäsleşiginiň hem-de döredijilik ugruna degişli hünärleriň wekilleriniň arasynda
geçirilen ýaryşlaryň ýeňijilerini we baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy
boldy.
Ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň
adyndan özleriniň işine berýän uly ünsüne hoşallygyň alamaty hökmünde, şeýle
hem şanly waka mynasybetli döwlet Baştutanymyza saýlama ahalteke atlaryny
sowgat hökmünde kabul etmegi haýyş edýärler. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň adyndan Edermen atly
bedew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy sowgat berildi.
2020-nji ýylyň iň owadan ahalteke
bedewi diýlip, Gerden we Owadan diýen atlaryň nesli bolan Gyrsakar diýen gara
bedew yglan edildi. Bu bedew Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk
toplumyna degişlidir. Onuň seýisi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Mämmetmyrat
Gazakow. “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly
Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan baş
baýrak - Audi Q8 awtoulagyň açary gowşuryldy.
Şeýle hem bu ýerde täsin tebigy
gözelligi sungatda çeper beýan etmek ugrundaky döredijilik bäsleşiginiň
ýeňijileriniň atlary yglan edildi.