16-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynda boldy.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy we bedew bilen
gezim etdi. Milli Liderimiz toplumyň çäginde täze doglan alabaý tohumyndaky
güjükleri synlady we asylly däbe görä olaryň özboluşly aýratynlyklaryny nazarda
tutup, köpejiklere at dakdy. Şeýle hem Arkadag Prezidentimiz bu ýerdäki iş
otagynda döredijilik bilen meşgullanyp, alabaý hakyndaky täze kitabynyň üstünde
işledi. Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerden uzakda bolmadyk künjekde ýerleşýän
serhet galasyna bardy.