29-njy martda,
dynç güni, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň boş wagtlaryny
sport bilen meşgullanmak, şol sanda at münmek hem-de döredijilik işlerine sarp
etmek ýaly adaty endigine eýerip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk
toplumyna geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde behişdi bedewler bilen
didarlaşdy, atly gezelenç etdi hem-de döredijilik bilen meşgullandy.