milli goshun logo
Milli Liderimiz täze desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Milli Liderimiz täze desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy
11.10.2024 141 Habarlar

Düýn – 10-njy oktýabrda Milli Liderimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyna ajaýyp sowgat boldy.

Gözel paýtagtymyzda Arçabil şaýolundan başlap, Halkara kardiologiýa merkezine barýan 1970-nji köçäniň durky doly täzelenildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, bu köçäniň adyna belli germaniýaly kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň ady dakyldy. Bu şaýoluň aýlawly çatrygynda mermer we granit daşlaryndan gurlan sekizburçluk şekilindäki «Kalbyň şypasy» atly täze binanyň gurluşyk, bezeg işlerinde, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylanda häzirki zamanyň ösen tejribesinden hem-de ylmyň gazananlaryndan işjeň peýdalanylypdyr. Bu özboluşly bina halkymyzyň saglygyny ileri tutulýan ugur edinýän ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň nyşany hökmünde paýtagtymyzyň bu künjegine aýratyn bezeg berer.