8-nji aprelda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowyň hem-de bilim ministri M.Geldinyýazowyň
gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş
maslahatynda dünýäde ýaýran koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýaramaz
ýagdaýlaryň täsirine garşy göreşmek meseleleri we Türkmenistana bu keseliň
aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler ara alnyp
maslahatlaşyldy. Şeýle hem hemmetaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan kämil
ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, bilimiň, ylmyň hem-de önümçiligiň özara
baglanyşygyny yzygiderli pugtalandyrmak wezipelerine garaldy.
Döwlet
Baştutanymyz bu howply keseliň Türkmenistanyň çägine mundan beýläk hem ýokuşmaz
ýaly degişli işleriň öz wagtynda geçirilendigini belledi. Şunuň bilen
baglylykda, milli Liderimiz bu çylşyrymly ýagdaýyň dünýäde dowam edýändigini
nazara alyp, mundan beýläk hem onuň Türkmenistanyň çäklerine aralaşmagynyň
öňüni almak boýunça ähli tagallalaryň edilmelidigini aýtdy.
Döwlet
Baştutanymyz çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde dünýäde ýüze
çykan çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzda ýaýramagynyň öňüni almak boýunça zerur
işleriň geçirilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokanç keselleriň halkymyzyň saglygyna ýaramaz täsirine garşy başy başlanan işi dowam etmegiň zerurdygyny belläp, şu maksat bilen ýurdumyzyň ilatynyň ähli toparlarynyň saglyk ýagdaýyna baha bermek üçin, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, öňüni alyş lukmançylyk barlaglaryny we goşmaça barlag usullaryny öz içine alýan çäreler toplumyny guramagy tabşyrdy.
Şunuň
bilen baglylykda, etraplarda we şäherlerde öz işini degişli tertipnama boýunça
alyp barýan ýörite lukmanlar toparlary döredilmelidir. Döwlet Baştutanymyzyň
aýdyşy ýaly, bu işler, ilki bilen, çagalar baglaryndan, orta hem-de ýokary okuw
mekdeplerinden başlansa, maksadalaýyk bolar.