Dynç
alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde welosiped sürdi. Bu ýerde
Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew toplumyň ähli desgalaryny degişli
derejede saklamak we netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz şäherçäniň desgalarynyň işini hemişe gözegçilikde saklamak, olaryň
binýadynda ýaryşlary geçirmek hem-de türkmen türgenleriniň türgenleşiklerini
guramak üçin ähli şertleriň döredilmegi barada tabşyryk berdi. Milli Liderimiz
ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň dürli halkara ýaryşlara taýýarlyk görmegi üçin
işi ýola goýlan sport düzüminiň ähmiýetiniň uludygyny belledi.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz bouling oýnalýan zala gelip, bu ýerde birnäçe takyk
urgulary geçirdi, soňra ýüzülýän howzy gözden geçirdi, Olimpiýa şäherçesiniň
sport enjamlary bilen üpjün edilen türgenleşik zalynda bolsa sport maşklaryny
ýerine ýetirdi.