4-nji fewralda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi
Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň düzümini mundan beýläk-de
ösdürmegiň taslamalary, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyndaky işleriň
ýagdaýy bilen tanyşdy.
Milli
Liderimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň günorta-günbatar künjegine baryp, täze
guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
Aşgabat
şäheriniň häkimi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa taýýarlanylan
taslamalar, şolaryň özboluşly aýratynlyklary, hususan-da, gurulmagy
meýilleşdirilýän desgalaryň daşky we içki bezegleri, ýerleşjek ýerleri barada
gürrüň berýän çyzgylar hakynda hasabat berdi.
Soňra döwlet
Baştutanymyz dikuçardan Aşgabat şäheriniň bu künjegini we Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan Ahal
welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli
işleri synlady.
Iş saparynyň barşynda, döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda idedilýän bedewler bilen didarlaşdy.