milli goshun logo
Milli Liderimiz Çolpon-Ata şäheriniň atçylyk toplumyna bardy
Milli Liderimiz Çolpon-Ata şäheriniň atçylyk toplumyna bardy
24.04.2025 93 Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna iki günlük dostlukly saparynyň çäklerinde Çolpon-Ata şäheriniň atçylyk toplumyna baryp gördi.

Belent mertebeli myhmana milli gyrgyz at üstündäki oýunlar – Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen «žorgo», «gök-böri» we «salburun» oýunlary görkezildi.

Türkmen halkynda bolşy ýaly, Gyrgyz Respublikasynda hem at çapyşyklary sportuň iň gyzykly we çekeleşikli görnüşleriniň biri bolmagynda galýar.