Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideoýazgy bilen çykyş etdi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň gün tertibi Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ählumumy wehimlere, howplara garşy hereket etmek, durnukly ösüşi öňe ilerletmek, ekologiýa ugurlary we beýlekiler bilen birlikde, halkara gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryna degişli meseleleriň toplumyny gurşap alýar. Şunda pandemiýa garşy göreşmek hem-de köptaraplaýyn hereketler arkaly onuň ýetirýän täsirlerini aradan aýyrmak meselesi aýratyn üns berilýän wezipe bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda ýurdumyzyň anyk başlangyçlaryny beýan etdi. Şol başlangyçlar döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge, ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we rowaçlygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.