13-nji maýda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärä — Goranmak ministrliginiň
Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine ussat
mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny
gowşurmak dabarasyna gatnaşmaga geldi.
Dabaraly
pursat gelip ýetýär — milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berdimuhamet
Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebe öz atasy — ussat
mugallym, edermen esger B.Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny resmi taýdan
gowşurýar.
Fronta
meýletin gidip, Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda mertlerçe söweşen
ýefreýtor Berdimuhamet Annaýewiň söweş ýoluny beýan edýän resminamalary
gowşurmak dabarasyndan soň, döwlet Baştutanymyz mekdebiň okuw otagyna baryp,
harby okuwçylara gymmatly öwüt-ündewlerini we atalyk pendini berdi.
Berdimuhamet
Annaýewiň gulluk eden polkunyň söweşjeň ýoly baradaky maglumatlar beýan edilen
gowşurylan resminamalar hakyndaky gürrüňlere dolanyp gelip, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň ähmiýetiniň
mekdep okuwçylarynyň Watana wepaly gulluk etmek hem-de harby borjy mynasyp
ýerine ýetirmek babatda ruhlaryny galkyndyrmagynda jemlenýändigini nygtady.
Munuň özi ykbalyny harby hünäre bagyşlan ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir.