Golaýda türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde şäheriň
futbol toparynyň türgenleri we ýolbaşçylary bilen duşuşdy, toparyň
futbolçylaryny gazanan ajaýyp ýeňişleri bilen gutlap, öňde durýan wezipeleri
ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde hormatly Prezidentimiziň «Arkadag» futbol toparyna sowgat beren awtobusyny synlap, onuň enjamlaşdyrylyşy, özboluşly bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Täze awtobusyň keşbinde futbol toparynyň nyşany, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň baş bezegine öwrülen Akhan atly şöhratly bedewiň şekili ýerleşdirilipdir.
Häzirki döwürde ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleriniň, şol sanda futbolyň sazlaşykly ösdürilmegine giň ýol açýar. «Arkadag» futbol toparynyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony bolup, şeýle-de final ýaryşynda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolmagy munuň aýdyň beýanydyr.
Gahryman Arkadagymyz köpugurly sport toplumynda «Arkadag» futbol toparynyň ähli türgenlerini, ýolbaşçylaryny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanan ýeňişleri hem-de Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, olara «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdi.