milli goshun logo
Milli Liderimiz Ahmet Çalyk bilen duşuşdy
Milli Liderimiz Ahmet Çalyk bilen duşuşdy
20.03.2025 80 Habarlar

Düýn - 19-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, ylmyň we tehnologiýanyň täze gazananlaryny ornaşdyrmakda, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginde halkara maslahatlardyr sergi işi möhüm orun eýeleýär. Bu çäreler ýurtlaryň arasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam berýär. Milli Liderimiz Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň we maýa goýum üçin döredilen oňyn şertleriň özara gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berýändigini aýdyp, bu hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakda Türkiýäniň iri kompaniýalarynyň eýeleýän wajyp ornuna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, kompaniýa tarapyndan gurlup ulanmaga berlen, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş, önümçilik we energetika desgalary ýurdumyzyň ösüşinde uly orun eýeleýär.