Dynç güni
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna
bardy. Bu ýerde milli Liderimiz ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşdy hem-de
adaty endigine eýerip, döredijilik bilen meşgul boldy.
Türkmenistanyň
özboluşly tebigy aýratynlyklary, onuň ajaýyplygy, aýratyn-da, gaýtalanmajak
sungat eserine çalymdaş gözelligi döredýän gyş paslynyň ilkinji pursatlary
ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Ahalteke bedewleriniň ýanynda bu has-da ýiti
duýulýar, olar tebigatyň sazlaşygyny, onuň gujur beriji güýjüni
alamatlandyrýar.
Hormatly
Prezidentimiz şeýle hem belentden wasp edilmegine mynasyp behişdi bedewleriň
wagyz edilmegine uly ähmiýet berýär. Türkmenistanyň Baştutany öz döredijiliginde
ýurdumyzyň taryhyna, şol sanda döwletimiziň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýoly
bilen baglanyşykly wakalara aýratyn orun berýändigi hemmelere mälimdir. Munuň
özi milli Liderimiziň köp ýüzýyllyklaryň dowamynda şöhratly ata-babalarymyzyň
döreden milli gymmatlyklaryna belent sarpa goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň
ýüregi” şygar astynda geçýän ýylyň tamamlanýan günlerinde atçylyk toplumyna
baryp görmegi bir tarapdan halkymyzyň asylly däpleriniň dowamatlylygyny
alamatlandyrýan bolsa, ikinji tarapdan dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşan
eziz Watanymyzyň şöhratynyň mundan beýläk-de belende göterilmegi ugrunda
häzirki döwürde olaryň ösdürilýändigini we baýlaşdyrylýandygyny görkezýär.
Dünýä genji-hazynasynda ahalteke bedewleri türkmenleriň döredijilik zehininiň
aýdyň mysaly hökmünde aýratyn orny eýeleýär.
Döwlet
Baştutanymyz bedewler bilen didarlaşyp, özüne sowgat berlen Şapolat atly bedewi
degişli at esbaplary bilen bezedi, oňa ideg etdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz bedewi athanadan çykaryp, dag ösümlikleriniň hoşboý
ysyna dolan arassa howada gezim etdi. Bedew döwlet Baştutanymyzyň her bir
hereketine boýun boldy hem-de şol bir wagtda özüni erkin alyp bardy. Şeýle
pursatlarda ynsan bilen bedewiň arasynda köp asyrlaryň dowamynda emele gelen
içki ruhy baglanyşygyň ähmiýetine göz ýetirýärsiň, bu baglanyşyk häzirki wagtda
türkmen atşynaslygynyň hem-de atçylyk sportunyň ösdürilmeginiň täze tapgyrynyň
esasy bolup durýar.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça hem-de
gönüden-göni ýolbaşçylygy bilen Türkmenistan bu ulgamda iri halkara çäreleriniň
geçirilýän merkezine öwrüldi. Ahalteke atçylygy bilen meşgullanýan abraýly
daşary ýurt guramalarynyň wekilleri, belli atşynaslar hem-de pudagyň
hünärmenleri şöhratly bedewleriň watana gelip, türkmen kärdeşleri bilen tejribe
alyşýarlar. Şeýle çäreler ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy
bellenilýän günlerde has-da giňden geçirilýär.
Behişdi
bedewler okgunly ösýän Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. Bu bolsa
ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportunda geçen şöhratly ýoluny mynasyp
dowam etmek, olaryň başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikleri emele
getirýär. Bedewleriň tebigy gözelligi, olaryň çalasynlygy, wepadarlygy, ösen
aň-paýhasy hem-de aýratyn başarnyklary köp asyrlaryň dowamynda şahyrlar we
suratkeşler üçin ylham çeşmesi boldy.
Döwlet
Baştutanymyz halkymyzyň bedewlere bolan çäksiz sarpasyny tutuş durky bilen
kabul edip, bedewleriň ahalteke tohumynyň abraýyny we şöhratyny artdyrmak,
ata-babalarymyzyň atşynaslyk sungatyny ösdürmek we ýer ýüzünde wagyz etmek
barada aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry derejesine çykardy.
Milli
Liderimiz Şapolat bilen gezelenjini tamamlap, atşynaslyk sungatyna laýyklykda
bedewiň ýagdaýyny, hususan-da, onuň aýaklaryny synlady.
Soňra
hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewlerine bagyşlanan täze eseri ýazmaga
girişdi. Türkmen bedewiniň şan-şöhraty öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp
gaýdýar hem-de milli Liderimiziň türkmen halkynyň atşynaslyk sungaty mirasyny
wagyz etmek baradaky aladasy netijesinde häzirki wagtda has-da belende
göterilýär.
Öz
döredijiliginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke
bedewlerine aýratyn üns berýär, döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, olar
taryhyň dürli döwürlerinde ýylýazgyçylarynyň hem, öz ykbalyny çeper döredijilik
bilen baglan şahyrlaryň we beýleki adamlaryň hem, hanlaryň, şalaryň we dünýäniň
dürli ýurtlarynyň imperatorlarynyň hem uly gyzyklanmasyna eýe bolupdyr.
Döwlet
Baştutanymyz wagt tapyp ylma we çeper döredijilik işini dowam edýär. Hormatly
Prezidentimiziň döredijiliginde Türkmenistanda tebigatyň döreden bu täsin
ajaýyplygyna nähili söýgi bilen garalýandygyna göz ýetirmek bolýar. Milli
Liderimiz eseri ýazýan wagtynda ylmy maglumatlara we ygtybarly edebi çeşmelere
salgylanýar, ahalteke bedewleriniň haýran galdyryjy we baý taryhyny içgin
öwrenýär, rowaýata öwrülen bedewleri kemala getiren seýisleriň tejribelerini
seljerýär, şol döwürleriň ýagdaýyny hem-de mahsus bolan aýratynlyklaryny
gaýtadan dikeldýär. Bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň has gymmatly
hem-de ygtybarly bolmagyny üpjün edýär.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewlerine hem, milli
medeniýetimize, türkmen tebigatyna hem-de halkymyzyň şöhratly taryhyna
bagyşlanan täze eserleri döretmek bilen taryhy maglumatlara, biziň günlerimize
çenli gelip ýeten senenama maglumatlaryna we ýylýazgylaryna esaslanýar. Milli
Liderimiziň belleýşi ýaly, çeper döredijilik bilen meşgullanmak adama ägirt uly
ruhy lezzet, ylham joşgunyny berýär.
Hormatly
Prezidentimiz “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly
bedewler”, “Gadamy batly bedew” ýaly kitaplary döretdi. Olar ençeme dillere
terjime edildi hem-de atçylyk ulgamynda hünärmenleriň arasynda giň meşhurlyga
eýe boldy. Milli Liderimiziň işleriniň dürli dillerde neşir edilmegi diňe bir
köp ýurtlarda ahalteke bedewlerine gadyr goýýan hünärmenler üçin däl, eýsem,
giň okyjylar köpçüligi üçin hem ajaýyp bedewleriň aýratynlyklary bilen
tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi.
Hormatly
Prezidentimiziň ylhamy bilen türkmen tebigatyny, behişdi bedewlerimizi wasp
edýän ajaýyp eserler döredildi. Ol eserleriň döredilmegine ylmy çemeleşme
hem-de beýan etmegiň çeperçiligi milli Liderimiziň döredijilik dünýäsiniň
esasyny düzýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
halkymyzyň döreden ruhy gymmatlyklaryna, türkmen tebigatynyň ajaýyplygyna,
milli taryhymyza bolan söýgüsini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.
Döwlet
Baştutanymyzyň ylmy we edebi işlerinde köpýyllyk barlaglar, oý-pikirler, taryhy
we edebi maglumatlar umumylaşdyrylýar. Olarda awtoryň milli ýörelgelere bolan
çuňňur bilimi, bu ugra degişli halk döredijiliginde öz beýanyny tapan milletiň
paýhasy aýdyň duýulýar. Hormatly Prezidentimiziň her bir täze eseri milli
medeni mirasymyzy wagyz etmekde, ahalteke bedewleriniň ähmiýetini artdyrmakda
aýratyn möhümdir.
Milli
Liderimiziň däp-dessurlarymyza, baý taryhymyza, behişdi bedewlerimize we
türkmen topragynyň tebigy aýratynlyklaryna, milletiň taryhyna hem-de ýurdumyzyň
häzirki döwürde ýeten derejesine bagyşlanan, ýazmaga girişen nobatdaky täze
eseri täsin ahalteke bedewini kemala getirmegi başaran türkmen halkynyň
döredijilik zehinini doly açyp görkezer.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde bedew ählihalk söýgüsine mynasyp boldy hem-de asyrlaryň, nesilleriň we ýeňişleriň, zähmetiň, ruhubelentligiň sazlaşygynyň hem-de döredijiligiň arabaglanyşygyny özünde jemläp, Berkarar Watanymyzyň ösüşiniň baş nyşanyna öwrüldi.