Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan sport
we sagdynlyk syýasatyna oňyn düşünmek bilen deňhatarda dünýä ülňülerine gabat
gelýän sport desgalarynda geçirilýän ýaryşlara mynasyp gatnaşmak harby
gullukçylarymyz üçinem bahasyna ýetip bolmajak bagtdyr. Ine, şeýle bagta
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň basketbolçylary nobatdaky, Türkmenistanyň
harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň arasynda geçirilen «Türkmenistan
– ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly X sport ýaryşlarynda şaýat
boldular. Ýagny, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnaly
we web-saýty bilen adybir basketbol ýygyndy topary bu ýaryşlarda üstünlikli
çykyş edip, finalda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» toparyny
ýeňmegi başardy. Oýunlaryň näderejede gyzgalaňly geçenligini harby gullukçy
basketbolçylarymyzyň hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna aýdýan alkyş
sözlerinden hem aňmak bolýar.
Şunlukda, «Türkmenistan
– ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly X sport ýaryşlarynyň ýeňijileri –
«Milli goşun» basketbol ýygyndy toparynyň basketbolçylaryna Hormat hatlary we
gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Olary sylaglara mynasyp gazanan ýeňişleri
bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
«Milli goşun».