03.06.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
«MILLI GOŞUN» žurnalynyň nobatdaky sany
«MILLI GOŞUN» žurnalynyň nobatdaky sany
19.10.2018 332 Habarlar | Harby Durmuş

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň her 3 aýdan bir gezek neşir edilýän jemgyýetçilik-syýasy, harby-taryhy we ylmy-usuly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Žurnalyň bu sany hem çeper, syýasy we harby-taryhy makalalara baý boldy. Olardan, 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň çözgütlerini, şanly Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň ruhubelentligini we Hazarýaka, Aralýaka ýurtlarynyň oňyn ylalaşyklaryny beýan edýän makalalar bellärliklidir. Bulardan başga-da, žurnaldaky makalalarda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň manyly ömrüniň halkara ykraryýetinden, harby bilim ojagynyň döredileniniň 25 ýyllyk ýubileý senesinden we «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisine gatnaşan harby gullukçynyň üstünliginden söz açylýar.

«Milli goşun» žurnalynyň bu sanynda Aşgabatda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty barada anyk maglumatlara eýe bolan makala hem giň orun berlipdir. Žurnalyň soňky böleklerine gadymyýetiň çuňlugyndan söhbet edýän, şeýle-de Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy menzillerinden gürrüň berýän harby-taryhy we ylmy makalalar ýerleşdirilendir.

Umuman, žurnalyň bu gezekki sanynyň hem giň okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanjakdygyna ynanýarys!

«Milli goşun»