3-nji sentýabrda
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly
Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna iş
saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz sebitdäki işleriň ýagdaýy, bejergi
alýan çagalaryň saglygyny berkitmek ugrunda welaýatyň çagalar hassahanasynda
alnyp barylýan işler, täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynda ilatyň amatly ýaşamagy we
dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdy, şeýle-de Türkmenistanyň
Döwlet energetika institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşdy, Mary
şäherindäki Gurbanguly hajy metjidine baryp gördi.
Gahryman Arkadagymyz
welaýatyň çagalar hassahanasynda bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy bilen
gyzyklandy hem-de olaryň ene-atalary bilen söhbetdeş boldy. Soňra hajy
Arkadagymyz Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň merkezinde ulanmaga berilýän 4
gatly 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine
geldi.
Milli Geňeşiň Halk
Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna tarap ugrady.
Alym Arkadagymyz institutyň mejlisler zalynda mugallymlaryň we talyplaryň
öňünde çykyş etdi.
Soňra Gahryman
Arkadagymyz Mary şäheriniň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Gurbanguly
hajy metjidine tarap ugrady. Gurbanguly hajy metjidinde hormatly
Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýarlygynyň hem-de ýurdumyzyň ösüşiniň bähbidine
ähli asylly başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegi dileg edildi.