19-njy noýabrda Türkmenistanyň
Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly
Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara
ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Şeýle hem
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ozal maslahatlaşylan wezipeleriň ýerine
ýetirilişi bilen tanyşdy.
Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, bu ýerde bina edilen
çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi. Desganyň töweregi
abadanlaşdyrylypdyr, bagy-bossanlyklar döredilipdir. Hormatly Arkadagymyz
merkeziň çagalara niýetlenendigini nazara alyp, onuň esasy girelgesiniň ýüzünde
degişli nyşanynyň ýerleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Soňra Arkadagymyz şol ýerden uzakda bolmadyk ýerde bina
edilen çagalar bagyna tarap ýöräp gitdi. Ýol ugruna Halk Maslahatynyň Başlygy
bu ýerlerde bagy-bossanlyklaryň döredilişini, işleriň alnyp barlyşyny
synlady.
Soňra Gahryman Arkadagymyz aýratyn gurnalan ýerde gözden
geçirmek üçin taýýarlanan şekil taslamalary hem-de çyzgylary synlady. Şolaryň
arasynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şaýollara, köçelere at
dakmak we täze binalary atlandyrmak boýunça ozal maslahatlaşan wezipeleriniň
ýerine ýetirilişine degişli şekil taslamalary hem bar. Mälim bolşy ýaly,
hormatly Arkadagymyz täze merkeziň şaýollaryna we köçelerine milli
medeniýetimizde, sungatymyzda, edebiýatymyzda, taryhymyzda öçmejek yz goýan
şahsyýetleriň atlarynyň dakylmagyny teklip edip, munuň olaryň bitiren hyzmatlaryna
minnetdarlygyň nyşanyna öwrüljekdigini we beýik şahsyýetleriň atlarynyň
ebedileşdiriljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, B.Kerbabaýewiň,
K.Gurbannepesowyň, G.Ezizowyň, A.Garlyýewiň, S.Ataýewanyň, M.Kulyýewanyň,
M.Garryýewiň we beýlekileriň ýatlanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygy
bellenildi.