Düýn - 21-nji martda türkmen halky Milli bahar baýramyny - Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlikde we şatlykda, ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylady. Esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyryldy.
Baýramçylyk dabaralarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur mazmunly eserleri, halkymyzyň gadymdan gelýän, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga, açyklyga, zähmetsöýerlige, döredijilige esaslanýan däp-dessurlary öz beýanyny tapdy. Joşgunly aýdym-sazlar, sahnalaşdyrylan çykyşlar baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrdy. Folklor-etnografik sahna eserlerinde, artistleriň çykyşlarynda gadymy döwürlerden şu günlere çenli gelip ýeten Nowruz baýramynyň taryhy hem-de däpleri janlandyryldy. «Nowruz ýaýlasynda» bezemen ak öýler dikilip, türkmen obasynyň keşbi emele getirildi. Onda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş, maşgala bilen bagly däp-dessurlary, oba durmuşynyň aýratynlyklary şöhlelendirildi. Şeýle hem bu ýerde milli amaly-haşam sungatynyň eserleri, senetleriň görnüşleri görkezildi.