Türkmen halky Milli
bahar baýramy – Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylady.
Milli bahar baýramy mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal
welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere
Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň
ýolbaşçylarydyr wekilleri, köp sanly myhmanlar ýygnandylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baýramçylyk mynasybetli watandaşlarymyza
iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy
bolan Nowruz halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň kemala gelmeginde
aýratyn ähmiýetli bolupdyr.
«Nowruz ýaýlasynda»
ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabarasy ildeşlerimize şatlyk paýlady. Şeýle hem
bu ýerde türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň möhüm bölegi bolan milli
tagamlaryň dürli görnüşleri görkezildi. Bugdaýdan taýýarlanylýan semeni Nowruz
baýramynyň däp bolan tagamydyr. Milli oýunlar baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny
has-da artdyrdy.
Baýramçylyga
bagyşlanyp, bu ýerde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.
Onuň dowamynda aýdym-sazlar, tans we halk döredijiligi eserleri, mähriban
Watanymyzy, täze taryhy döwrümizi, gazanýan uly üstünliklerimizi wasp edýän
çykyşlar ýerine ýetirildi. Halk sazlary, aýdymdyr tanslar döwrebap äheňler
bilen sazlaşykly utgaşdy. Munuň özi nesilleriň we döwürleriň üznüksiz
arabaglanyşygynyň, türkmen sungatynyň gülläp ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrüldi.