milli goshun logo
Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň sebitleýin başlangyjynyň onlaýn-tanyşdyrylyşy
Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň sebitleýin başlangyjynyň onlaýn-tanyşdyrylyşy
15.05.2020 721 Habarlar

14-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň “COVID-19 pandemiýasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze ugurlary” atly sebitleýin başlangyjynyň onlaýn-tanyşdyrylyşy geçirildi.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylara COVID-19 pandemiýasynyň dünýäniň sosial-ykdysady we ynsanperwerlik ýagdaýyna edýän täsiriniň netijeleri bilermenleriň seljermeginde görkezildi. Duşuşygyň maksady, häzirki ýagdaýlarda migrantlaryň ýüzbe-ýüz gabat gelýän meselelerini çözmäge aýratyn gönükdirilen, MHG-niň pandemiýanyň täsiriniň öňüni almak üçin hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak boýunça sebitleýin başlangyjynyň taslamasy bilen tanyşdyrmakdan we ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Bu başlangyç pandemiýanyň täsiriniň öňüni almak boýunça hyzmatdaşlyga we sebitde migrasiýa meselelerini çözmäge gönükdirilen MHG-niň global çagyryşynyň ýörelgelerinde esaslandyrylandyr.