«Mi-26»
kysymly dikuçaryň kämilleşdirilen görnüşi «Mi-26T2V» awgust aýynyň aýagyna
Moskwada geçiriljek «Army 2018» harby sergisinde ilkinji uçuşyny amala aşyrar.
Ozalky görnüşinden tapawutlylykda «Mi-26T2V» dikuçaryna dolandyryşy
aňsatlaşdyrmak maksady bilen kämil radio-elektronik ulgam ornaşdyrylan. Bu täze
uçuş tehnologiýasy dikuçaryň awtomatiki ýagdaýda uzak aralyga uçmagyna,
gonmagyna we howada dürli hereketleri amala aşyrmagyna mümkinçilik döredýär,
şeýle hem dolandyryş ulgamynda ýerleşdirilen reňkli köpugurly ekranlar
uçarmanlaryň işini aňsatlaşdyrýar.
Geografiki
çylşyrymly ýerlerde uçmagy başarýan «Mi-26T2V» dikuçarynyň aragatnaşyk we
nawigasiýa ulgamlaryna hem täze tehnologiýalar ýerleşdirilip, howpy öňünden
anyklaýan «Vitebsk» toplumy arkaly dikuçaryň goraglylygyny üpjün etmek hem göz
öňünde tutulan.
Dikuçaryň ilkinji uçuşyndan soňra bilermenler gerekli seljermeleri amala aşyryp, «Mi-26T2V-niň» kämilleşdiriliş işlerine dowam etmegi maksat edinýärler.