milli goshun logo
Mekdeplerde goşmaça bedenterbiýe sapaklary giriziler
Mekdeplerde goşmaça bedenterbiýe sapaklary giriziler
14.12.2019 1998 Habarlar

13-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz saglyk bilen bagly dürli meseleleri döredýän, käbir kesellere getirýän hereketsiz durmuş ýagdaýy barada durup geçdi.

Ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin sagdyn gurşawy döretmegiň, dogry iýmitlenmekden başlap, sport bilen meşgullanmaga we ekologiýa abadançylygy bilen bagly meselelere ünsi çekdi.

Häzir dünýäde kompýuter we maglumat ulgamynyň ösmegi bilen, çagalar ençeme sagatlap kompýuterler, smartfonlar we planşetler bilen güýmenýärler. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi hereketsiz durmuş ýagdaýyna, görüşiň peselmegine we saglyk bilen baglanyşykly beýleki çylşyrymly ýagdaýlara getirýär.

Milli Liderimiz munuň döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň gaýragoýulmasyz wezipesidigini, şoňa görä-de, bu meseläniň degişli düşündiriş, aň-bilim işleriniň derejesini hem-de öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy talap edýändigini aýdyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna bu babatda işleri güýçlendirmek barada görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip we mekdeplerde hepdede üç gezek bedenterbiýe sapagyny girizmek ýa-da her şenbe güni sport gününi geçirmek meselesine seredilse, maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, bu tekliplere Ylymlar akademiýasynyň alymlary bilen bilelikde seretmegi we bu ugurda maksatnama taýýarlamagy tabşyrdy.