milli goshun logo
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi
27.01.2019 747 Habarlar

26-njy ýanwarda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatynyň we Geňeşlikleriň agzalarynyň saýlawlarynyň taýýarlyk meselelerine seredildi.

Onuň gün tertibine öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräni geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Hususan-da, ozal çykyp giden Parlamentiň deputatlarynyň, ýerli halk häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalarynyň saýlawlaryny 2019-njy ýylyň 31-nji martynda, ýekşenbe güni geçirmek meýilleşdirildi. Dalaşgärleri görkezmek işlerine 30-njy ýanwarda badalga berler we 28-nji fewrala çenli dowam eder. Dalaşgärleri bellige almak işleri 9-njy fewraldan 5-nji mart aralygynda bolar.

Tutuş ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň ikisini saýlamak meselesi durýar. Welaýat halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary saýlaw okruglarynyň üçüsinde, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary bolsa 14 saýlaw okruglarynda geçiriler. Şeýle hem Geňeşlikleriň agzalarynyň saýlawlary saýlaw okruglarynyň 100-sinde bolar. Ses bermek üçin saýlaw uçastoklarynyň 188-si döredildi.