«Media-Türkmen»
Habarlar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň
«Международная жизнь» («Halkara durmyşy») žurnalynyň arasynda täzelik
habarlaryny alyşmak barada Ähtnama gol çekildi.
Habarlar
ulgamynda özara hereketden başga-da, taraplar ýaş žurnalistleri okatmak
maksatnamalary babatda hyzmatdaşlygyň meselelerine garamagy we ugurdaş çäreleri
bilelikde guramak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýarlar.
RF-niň daşary
işler ministri Sergeý Lawrow žurnalyň Geňeşiniň başlygy, Armen Oganesýan baş
redaktorydyr.