milli goshun logo
Medeniýet hepdeligi dowam edýär
Medeniýet hepdeligi dowam edýär
6 sagat öň 21 Habarlar

22-nji iýunda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2013-nji ýyldan bäri Diýarymyzyň dürli sebitlerinde  her ýyl geçirilýän bu sungat forumynda Watanymyzyň ösüşleri opera, aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş, amaly-haşam sungaty, edebiýat ýaly ugurlarda belentden wasp edilýär.

Hepdeligiň dowamynda Änew şäheriniň, Bäherden, Gökdepe etraplarynyň medeniýet öýleri Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň medeniýet-sungat ussatlarynyň, aýdym-saz, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüler.

2025-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde meşhur ýerine ýetirijileriň we ýaş zehinleriň çykyşlaryny, surat, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, golýazmalaryň, saz gurallarynyň sergilerini, opera we teatr eserleriniň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan düşürilen täze filmleriň görkezilişini, usulyýet çärelerini, okuw maslahatlaryny, metbugat maslahatyny, aýdym-sazly, edebi döredijilik duşuşyklaryny, şygryýet agşamlaryny guramak meýilleşdirilýär.