milli goshun logo
Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
6 sagat öň 21 Habarlar

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni Ak bugdaý etrabynyň merkezi kitaphanasynda ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen usulyýet maslahaty bilen badalga aldy.

Soňra bu giň gerimli çäre Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky medeniýet köşgünde dowam etdi. Bu ýerde «Parahatçylyk we ynanyşmak dost-doganlygyň binýadydyr» atly maslahat geçirildi. Ol ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen žurnalistleri bir ýere jemledi.

2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Änew şäherinde Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet, sungat işgärleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi.

Medeniýet hepdeliginiň üçünji güni Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Şasenem-Garyp” operasynyň görkezilmegi bilen tamamlandy. Halk dessanyna esaslanyp taýýarlanylan sahna eseri sylag-hormat, borç, söýgi, dostluk, ahlak arassalygy, adam mertebesi ýaly hiç haçan gymmatyny ýitirmeýän umumadamzat gymmatlyklaryny wagyz edýär. Aýdym-sazly bölekler, lybaslaryň we bezegleriň ajaýyplygy, artistleriň ussatlygy halkymyzyň däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny çuňňur duýmaga şert döredip, gaýtalanmajak sahna eseriniň täsirliligini artdyrdy.