Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Döwlet Baştutanymyz Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory R.Amangeldiýewe ady rowaýata öwrülen we türkmen saz sungatynyň sütüni hasaplanylýan Maýa Kulyýewanyň muzeýini döretmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz türkmen ilinde 72
görnüşli milli saz guralynyň bardygyny belledi. Bu taryhy gatnaşyklar
ýitirilmän, eýsem, bu saz gurallaryny täze görnüşde kämilleşdirmek arkaly ýaş sazandalaryň
tejribeli halypalarynyň kömegi bilen bu saz gurallaryna ussatlyk bilen erk
etmegi ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.