milli goshun logo
Mary welaýatynyň gallaçylarynyň zähmet ýeňşi
Mary welaýatynyň gallaçylarynyň zähmet ýeňşi
27.06.2019 491 Habarlar

26-njy iýunda Mary welaýatynyň gallaçy daýhanlary dänäniň 380 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna tabşyryp, azyklyk bugdaýy taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler.

Ýurdumyzyň meýdanlarynda bugdaý oragy dowam edýär. Daýhanlar öňlerinde goýlan wezipä abraý bilen hötde gelmek üçin ýetişdirilen bugdaý hasylynyň iň soňky dänesine çenli ähli hasyly ýygnap almak yhlasy bilen zähmet çekýärler.