22.06.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Mary welaýatynda gowaça ekişi tamamlandy
Mary welaýatynda gowaça ekişi tamamlandy
05.05.2021 79 Habarlar

Ýurduň günorta sebitinde möhüm çig malyň ekişi tamamlandy. Daýhanlar 180 müň gektara barabar ýere tohum sepip, bu ekişi iň gysga agrotehniki möhletde tamamladylar.

Gowaça ekilen meýdanlaryň ýarysynda eýýäm maýsalar gök öwüsýärler. Ekiş enjamlarynyň ýerine meýdanlara indi kultiwatorlar çykýarlar. Häzir 250-ä golaý enjam işleýär. Pagta meýdanlarynda gowaçanyň boý almagy  bilen, olaryň sany iki esse artar.