«Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek
hem-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatymyzyň
ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Mary welaýatynda täze,
döwrebap şäherçeleri gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol
çekdi. Resminama laýyklykda, Mary welaýatynyň häkimligine:
Mary
welaýatynyň Wekilbazar, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda guruljak täze
döwrebap şäherçelerde degişli binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerini
utgaşdyrmak, bu işleriň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek hem-de şäherçeleriň
gurluşygyny tapgyrlaýyn amala aşyrmak;
täze guruljak döwrebap şäherçeleriň Baş meýilnamalaryny işläp düzmek, gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň iýun aýynda başlamak we bu işleri 2022-nji ýylyň iýun aýynda doly tamamlamak tabşyryldy.