11-nji
dekabrda Mary şäheriniň ýaşaýjylary baýramçylyga ajaýyp sowgat aldylar.
Welaýatyň dolandyryş merkezinde Aga Hanjaýew köçesiniň ugrundaky binalar
toplumynyň üstüni dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsi ýetirdi.
Olar Mary
şäher jemagat abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň işçileri tarapyndan bina edildi.
Paýly gurluşyk esasynda gurlan ýaşaýyş jaýlaryň her birinde 2, 3 we 4 otagly
öýleriň 60-sy bolup, olaryň giň eýwanlary we otaglary bar.
Jaýlaryň daşarky binagärlik keşbi içerki gurluşyň amatlylygy bilen utgaşýar. Ýagty otaglar, oňat timarlaýyş işleri, giň aşhana – bularyň hemmesi täze jaý eýeleriniň göwnünden turdy.