milli goshun logo
Mary şäherinde iki sany kärhananyň açylyş dabarasy boldy
Mary şäherinde iki sany kärhananyň açylyş dabarasy boldy
21.03.2019 849 Habarlar

20-nji martda Mary şäherinde ýyladyşhana hem-de süýji-köke önümlerini öndürýän kärhana açylyp, ulanmaga berildi. Döwrebap ýyladyşhana «Nahal» hem-de «Kerwen gurluşyk» hojalyk jemgyýetleri tarapyndan 6 gektar meýdanda guruldy we ýylda 1 müň 200 tonna gök önümleri ýetişdirmäge niýetlenendir.

Şol gün Mary Aşgabat awtomobil ýolunyň 9-njy kilometrinde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Täze aý önümleri» hojalyk jemgyýetiniň süýji-köke önümlerini öndürýän täze kärhanasynyň açylyşy boldy.

Desganyň 3,5 gektar meýdanynda dolandyryş binasy, süýji-köke öndürýän zawod, çig maly hem-de taýýar önümi saklamak üçin desgalar ýerleşdirildi. Kärhana meşhur öndürijileriň iň häzirki zaman ýokary tehnologiýaly enjamlaryna eýedir.

Bir günde zawod süýji-köke önümleriniň 92 tonnasyny kökeleriň, şokoladlaryň we waflileriň jemi 63 görnüşini öndürmäge ukyplydyr. Önümçilik bölümlerinde 250-den gowrak işgär zähmet çeker. Kärhananyň doly kuwwatyna çykmagy bilen, onda öndürilýän önümleri hem daşary ýurtlara ibermek maksat edinilýär.