1-nji noýabrda
paýtagtymyzda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 26 ýyllygyna bagyşlanan
ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň,
ykdysady topluma girýän ministrlikleriň hem-de edaralaryň ýolbaşçylary we
hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlar düzümi hem-de
talyplary, ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.
Garaşsyzlyk
ýyllarynda ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň taryhy, bank ulgamynyň ösüşi, hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi berkitmäge
gönükdirilen maliýe syýasatynyň orny, ykdysady ösüşiň şertleri bolup durýan
banklaryň takyk statistikasy hem-de karzlaşdyrma işi, degişli kanunçylygy
kämilleşdirmek, abraýly sebit we halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy
berkitmek çykyşlaryň özenini düzdi.
Ylmy-amaly
maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa
Ýüzlenme kabul edip, onda döwlet Baştutanymyzy geljekde hem bir bitewi döwlet
pul-karz syýasatyny amala aşyrmak, bank ulgamyny kämilleşdirmek we ony täze
sepgitlere çykarmak boýunça öz öňlerinde goýlan möhüm wezipeleri netijeli
çözmek üçin tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Maslahatyň
çäginde guralan sergi pul nyşanlarynyň nusgalary, Türkmenistanyň Merkezi banky
tarapyndan çykarylan ýubileý hem-de ýadygärlik şaýy pullarynyň toplumlary,
milli baýlygymyzyň bölegine öwrülen altyndan we kümüşden ýasalan zergärçilik
sungatynyň önümleri, ýurdumyzyň pulşynaslygynyň taryhy hakynda neşirler bilen
tanyşdyrdy.