26-njy oktýabrda Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamad
resmi sapar bilen türkmen paýtagtyna geldi. 27-nji oktýabrda Aşgabatda
ýokary derejede türkmen-malaýziýa gepleşikleri geçiriler, onuň netijeleri
boýunça döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi bermäge we iki tarapyň
hem bähbitlerine laýyk gelýän özara hereketiň mümkinçiliklerini oňaýly durmuşa
geçirmäge ýardam etmäge niýetlenen resminamalaryň birnäçesine gol çekmek
meýilleşdirilýär.
Mälim bolşy
ýaly, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek
ýylsaýyn uly ähmiýete eýe bolýar, bu bolsa milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan daşary syýasat ugrunda öz beýanyny
tapdy.
Häzirki
döwürde türkmen-malaýziýa gatnaşyklary barada aýdylanda, soňky ýyllarda Türkmenistan
bilen Malaýziýanyň arasynda kemala gelen netijeli gatnaşyklaryň özeninde iki
döwletiň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmasy
durýar.
Aşgabatda geçiriljek şu gezekki gepleşikleriň çäklerinde türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan esasy ugurlary kesgitlener we uzakmöhletleýin, deňhukuklylyk, iki dostlukly ýurduň milli bähbitlerini hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipelerini nazara almak bilen, uzakmöhletleýin esasda guralýan köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi berler.