Türkmenistanyň futbol boýunça
milli ýygyndysy Aziýanyň kubogyny almak ugrundaky yklym bäsleşigini dowam
etdirýär. Bu ýaryşda iki oýun geçiren ýygyndymyzyň öňünde ýene bir aýgytlaýjy
oýun bar. Şol oýun hem türkmen futbolçylarynyň ýaryşdaky ykbalyny kesgitlär.
Biz hem 17-nji ýanwarda Omanyň
milli ýygyndysyna garşy aýgytlaýjy oýnuň öňüsyrasynda milli ýygyndymyzyň
derwezesini ençeme ýyllar goran, häzirki wagtda derwezeban tälimçi wezipesini
ýerine ýetirýän Maksatmyrat Şamyradow bilen söhbetdeş bolduk.
– Halypa, toparçadan çykmak mümkinçiligimiz barada
aýdaýsaňyz?!
– Mümkinçiligimiz
bar. Özi-de bu soňky mümkinçiligimiz. 6 toparçadan 4 sany iň gowy, 3-nji ýerde
tamamlan ýygyndylar toparçadan çykmaga we ýaryşy dowam etdirmäge hukuk
gazanýar. Ony başarmagymyz üçin bize 3 utuk gerek we ýaponlara salan iki golumyz
kömek eder. Biz muny hökman başarmaly...
– Soňky oýun barada näme aýdyp bilersiňiz?!
– Soňky
oýunda özbeklerden jogapsyz 4 gol iýmegimiz ýagdaýy biraz kynlaşdyrdy. Tejribe!
Özbegistanyň milli ýygyndysy ozal bu ýaryşa 7 gezek gatnaşyp, 4-nji ýer eýelän
gezegi hem bar. Bu babatda olaryň derejesi ýokary. Galyberse-de, bu bir oýun.
Biziňki çüwmedi diýip bileris.
– Omanly futbolçylaram ýaryşda erbet netije görkezenok...
– Hawa,
olar iki güýçli garşydaşyndanam ujypsyzja aratapawut bilen utuldy. Barybir biz
olary utup, öz ýalňyşlyklarymyzy düzetmekçi we ýaryşy dowam etdirmekçi.
Ýaponlara garşy görkezen oýnumyzy orta goýup bilsek, bu bolmajak iş däl. Munuň
üçin milli ýygyndymyz ýeterlik taýýarlyklary gördi.
– Milli ýygyndymyzyň esasy hüjümçisi Wahyt Orazsähedow
özünden garaşylan netijäni berip bilmedi, muňa näme diýersiňiz?
– Wahyt
gowy oýunçy. Üstesine-de, ol häzirki wagtda Tatarystanyň «Rubin» toparynyň
türkmen tälimçisi Gurban Berdiýewiň elinden çykan oýunçy. Mundan başga-da ol
dürli ýurtlaryň dürli toparlarynda oýnap, ýokary tejribä eýe boldy. Ol bu
ýaryşda hem erbet oýnamady, diňe şowlulyk ýetmedi diýip bileris.
– Biziň oýunçylarymyz bilen bagly transfer teklipleri
barmy?!
– Häzirlikçe
resmi teklip ýok. Ýöne biz heniz ýaryşyň başynda. Öňdäki oýunlardan soň,
täzeliklere garaşybermeli.
– Sag gyraky hüjümçimiz we ýygyndymyzyň kapitany
Arslanmyrat Amanowyň Ýaponiýanyň derwezesinden geçiren pökgüsi «ýaryşyň iň
owadan goly» diýlip saýlanyp bilermi?!
– Gowy
ýatlatdyňyz. Elbetde, häzire çenli geçirilen gollaryň içinde Arslanyňky iň
owadany, meniň pikirimçe. Soňam näme, owadan geçirilen gollaryň tertibi
düzülende garşydaşyň näderejede güýçlidigi hem nazara alynýar. Ýaponiýanyň
milli ýygyndysy bolsa, ýaryşyň iň güýçli toparlarynyň biri.
– Halypa, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sagboluň! Milli
ýygyndymyzyň aýgytlaýjy oýunda hem ýeňiş gazanyp, ildeşlerimizi
begendirjekdiklerine ynanýarys!
– Sagboluň! Ynam – ähli zatdan ýokarda durýan güýçdür. Ynamyňyzy ödemek üçin elimizde baryny ederis!
Söhbetdeş bolan
«Milli goşun».