Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik
geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde oňa
gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki
dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň
gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty»
diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlaryny
biragyzdan goldadylar.
Şol mejlisiň jemleýji resminamasynda öz beýanyny tapan bu
çözgüt hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa
geçirýän medeni diplomatiýasynyň, şol sanda umumadamzat medeni hazynasynyň
aýrylmaz bölegi bolup durýan türki dilli halklaryň örän baý medeni mirasynyň
goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine hem-de dünýäde wagyz edilmegine
gönükdirilen TÜRKSOÝ guramasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek
boýunça alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky
subutnamasyna öwrüldi.