27-nji noýabrda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer B.Öwezow milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowa ýurdumyzda sanly ulgama geçmek boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi.
Bellenilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek,
elektron hyzmatlarynyň sanawyny artdyrmak, Interneti ösdürmek üçin Senagat we
kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň binýadynda
Maglumat tehnologiýalar merkezini döretmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de bu
merkeziň guramaçylyk-usulyýet işini ýola goýmak maksady bilen, pudagara
toparyny döretmek teklip edilýär.
Milli Liderimiz sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi milli
we halkara ölçeglere, häzirki döwrüň talaplaryna kybap gelýän ýokary hilli
hyzmatlary almak üçin ähli mümkinçilikleri üpjün etmelidir diýip, wise-premýere
IT-meýdançalary döretmek baradaky meseleleri gutarnykly seljermegi tabşyrdy.