10-njy dekabrda
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen
gelen Litwa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly
Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) jenap Egidiýus Nawikas bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň
başynda Litwa Respublikasynyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Türkmen tarapy ilçini bu
jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa uly üstünlikler arzuw
etdi.
Duşuşygyň
dowamynda taraplar özleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmäge
ygrarlylygyny beýan etdiler. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary
ösdürmek we syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, taraplar
dürli derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklary guramagyň wajypdygyny bellediler.
Şeýle-de
türkmen tarapy iki ýurduň daşary syýasy edaralary ugrunda türkmen-litwa
hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berýändigi barada belläp geçdi.
Şunlukda Türkmenistanyň we Litwanyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy
geňeşmeleri geçirmegiň möhümdigi bellenildi.
Litwa
Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi öz gezeginde, ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin tagallalaryny
gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.