«Gündogdy» hususy kärhanasy Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde howa menziliniň gurluşygyny tamamlaýar. Şäheriň demirýol menzilinden we Türkmenabat – Kerki awtomobil ýolundan uzak bolmadyk aralykda telekeçileriň işläp düzen taslamasy boýunça sagatda 100 ýolagçyny üstünden geçirmek ukyby bolan terminalyň binasy gurlup, «Türkmenhowaýollary» Agentliginde ulanylýan uçarlaryň ähli kysymyny kabul edip biljek 2,7 kilometrlik uçuş-gonuş zolagy çekilipdir.
Kerki şäheriniň howa menzili Türkmenistanda ilkinjileriň biridir. 75 ýyl mundan öň, şäherde howa menzili döretmek barada buýruga gol çekilende, uçarlar Samsonow şäherçesiniň ýanynda Amyderýanyň kenaryndaky boş meýdança gonup, şondanam uçýardylar. Kadaly uçuşlar 1946-njy ýylyň mart aýynda başlady. Ýolagçylar hepdede bir gün Po-2 uçarynda derýa kenaryndaky şäherden Mary welaýatyna we Aşgabada getirilýärdiler. Uçarlar, dikuçar köp ýyllaryň dowamynda demir-beton uçuş-gonuş zolagy gurulýança, Gowurdaga, Çärjewe, Garamätnyýaza, Zähmete we beýleki ilatly nokatlara boş meýdançadan uçdular.
Täze howa menziliň ýolagçy terminaly ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilişi Kerki şäheriniň tutuş gonalga toplumy ýaly, iň ýokary dünýä standartlaryna laýyk bolar. Bu ýerde 120 adamlyk garaşylýan zaly, iki sany petek kassasy, ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin otaglar, halkara aragatnaşyk nokady, goş saklanylýan bölüm, poçta, ýakymly kafeteriler, rahatlykly «СIP» zal, eneler we çagalar otagy, 30 ýerli naharhana ýolagçylaryň hyzmatynda bolar.