16-njy maýda
Lebap welaýatynyň ýüpekçileri pile tabşyrmak boýunça döwlet borçnamasyny ýerine
ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Ýüpekçileriň birleşen tagallasy bilen
kabul ediş bölümlerine dokma senagaty üçin ýokary hilli çig malyň 960 tonnadan
gowragy tabşyryldy.
Welaýatyň
Halaç, Çärjew, Saýat, Kerki etraplarynyň ýüpekçileri welaýatda ilkinji bolup
şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Olar tabşyrykdan artyk birnäçe
tonna pile tabşyrmagy başardylar. Halaç etrabynyň ussat ýüpekçileri kabul ediş
bölümine 212 tonna, Çärjew etrabynyň ýüpekçileri 170 tonna ýokary hilli pile
tabşyrmagyň hötdesinden geldiler. Kabul ediş bölümine 115 tonna pile tabşyran
Saýat etrabynyň ýüpekçileri bu üstünlige mynasyp goşant goşdular. Şeýle hem
ussat ýüpekçiler 220 we 180 kilogram pile tabşyryp, şertnamalaýyn
borçnamalaryny 1,5 esseden gowrak ýerine ýetirdiler.