Hasyl toýunyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň gündogar sebitiniň oba zähmetkeşleri pagta öndürmek baradaky şertnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar taýýarlaýyş bölümlerine “ak altynyň” 300 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar.
Önümçilik toplumynyň ähli düzümleriniň utgaşykly işlemegi netijesinde Lebabyň ekerançylaryna ýetişdirilen hasylyň esasy bölegini amatly möhletlerde ýygnamak başartdy. Entek meýdanlarda hasyl köp. Pagtanyň galan bölegi ýitgisiz we iň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alnar. Daýhanlaryň, mehanizatorlaryň bu üstünligi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba zähmetkeşleri, olaryň zähmet şertlerini gowulandyrmak hem-de abadançylygyny ýokarlandyrmak baradaky ýadawsyz aladasyna jogabydyr.
Döwletimiziň goldaw bermegi netijesinde daýhanlar mineral dökünler, tiz ýetişýän ýokary hasylly tohumlar bilen ýeňillikli esasda üpjün edilýär, oba hojalyk tehnikalarynyň üsti her ýyl täze, döwrebap traktorlar, kombaýnlar we beýleki enjamlar bilen ýetirilýär.
Halk Maslahatynyň önüm öndürijilere ýer bölekleriniň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýetişdirmek şertinde 99 ýyla çenli möhlet bilen peýdalanmaga bermek hakyndaky Karary oba zähmetkeşlerinde ruhubelentlik hem-de uly zähmet joşgunyny döretdi. Döwlet Baştutanymyzyň pagtanyň we gallanyň satyn alyş nyrhyny ep-esli ýokarlandyrmak baradaky çözgüdi hem oba zähmetkeşleri üçin uly kömek boldy.
Gowaça ekilen 120 müň gektar meýdanda zerur bolan agrotehniki çäreleriň takyk geçirilmegi Lebap welaýatynyň ekerançylaryna pagtanyň bol hasylyny ýetişdirmäge mümkinçilik berdi. Pagta ýygymynda daýhan birleşikleriniň köpüsi takyk we sazlaşykly işlemegi başardy.
Hojambaz etrabynyň “Lebap”, “Burdalyk”, Darganata etrabynyň “Lebap”, Saýat etrabynyň “Çekiç”, “Bereket”, Çärjew etrabynyň J.Häkimow adyndaky, H.Hajyýew adyndaky, “Parahat”, Farap etrabynyň “Farap” we “Watan”, Halaç etrabynyň “Pelwert”, “Güýç birleşik”, Kerki etrabynyň O.Söhbetow adyndaky, “Hatap” daýhan birleşikleriniň pagtaçylary Watan harmanyna çig malyň ýüzlerçe tonnasyny şertnamada göz öňünde tutulandakysyndan artyk tabşyrdylar.
5 gektar meýdanyň her gektaryndan ortaça 62 sentner hasyl alan Hojambaz etrabynyň “Lebap” daýhan birleşiginiň kärendeçisi D.Hemraýew, 3 gektara barabar meýdanyň ortaça hasyllylygyny 60 sentnere ýetirmegi başaran Çärjew etrabynyň J.Häkimow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi G.Annaberdiýew şertnamalaýyn borçnamalaryny 1,5 — 2 esse ýerine ýetirdiler.
Şu pagta ýygymy möwsüminde welaýatda ýetişdirilen hasyly ýygnap almakda pagta ýygýan tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berildi. Pagta ýygýan maşynlaryň mehanizatorlarynyň arasyndaky bäsleşikde Farap etrabyndan A.Ahmedow hem-de Saýat etrabyndan S.Hallyýew iň gowy görkezijileri gazanmagy başardylar. Olaryň her biri erk edýän maşynlarynda 120 tonnadan gowrak pagta ýygdylar.
Lebap welaýatynyň pagtaçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ekerançylarynyň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin döredilen şertler hem-de uly ykdysady goldaw berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz öňlerinde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine hem-de eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine we rowaçlanmagyna saldamly goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Düýn welaýatda pagtaçylaryň uly zähmet ýeňşine bagyşlanan baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onda sebitiň oba hojalyk pudagynyň pagta ýygym möwsüminde has tapawutlanan işgärlerine uly hormat-sarpa goýuldy. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Döredijilik toparlary uly baýramçylyk konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler.