«Lockheed
Martin» we «Dynetics» kompaniýalary bilelikde täze ýokary energiýa geçirijiligi
bolan lazer ýaragynyň üstünde işlärler. «Lockheed Martin» kompaniýasynyň
hepdäniň başynda beren beýanatyna laýyklykda 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda
başlangyç taslamanyň seljermesine başlanar.
Taslama görä
lazer ýaragy orta ululykdaky harby ulaga ýerleşdiriler we güýji 100 kilowat
möçberinde bolar. Bu ýarag dronlary, top oklarydyr raketalary hatardan çykarmak
üçin ulanylar.
«Dynetics»
kompaniýasy tarapyndan gözegçilik edilýän lazer ýaragy taslamasynyň 2022-nji
ýyla çenli durmuşa geçirilmegine garaşylýar.
Soňky 10 ýyllykda lazer ýaragyny ulanmak babatynda kompaniýalar we döwletleriň hyzmatdaşlygynda anyk işler alnyp barylýar. Lazeriň özeninde elektrik energiýasynyň bolmagy ok-därä goýberilýän serişdäniň has az mukdaryny talap eder.