Üýtgeşik
konstruksiýasy bilen ünsi özüne çekýän «SMX-31» suwasty gämisiniň şekili läheňe
meňzedilipdir. «SMX-31» gämisi başgaça «Elektrik» diýlip hem atlandyrylýar.
Sebäbi suwasty gämisi dolulygyna elektrik energiýasy bilen hereket edýär. Dizel
motorlarynyň ýerine «litiý ion» batareýalary suwasty gämini energiýa bilen
üpjün edýär. Suwasty gämi doly awtomatlaşdyrylandyr. Daşky gabygyna altyburç
görnüşinde duýujy antenalar ýerleşdirilen gäminiň özi suw astynda wagty, suwuň
üstündäki bir enjam bilen uçarmansyz uçarlara we beýleki tehnikalara gözegçilik
etmek aýratynlygy bar. Gäminiň uzynlygy 70 metr, agyrlygy 3400 tonna we çümüş
çuňlugy bolsa 250 metri geçýär. Gämi doly batareýasy bilen sagatda 37 km
tizlikde 30-45 gün deňizde hereket edip bilýär. Özüniň kiçi göwrümi we
aýratynlyklary bilen «SMX-31», suwasty gämileriniň täze nesliniň ilkinjisidir.