Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip
taýýarlanylan hem-de 2025-nji ýyla çenli döwür üçin niýetlenen we
Türkmenistanda durmuşa geçirilip başlanan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
Konsepsiýasy ähli pudaklary tehnologik taýdan özgertmegiň we olaryň döwlet
tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler we önümçilik
kuwwatynyň esasynda ykdysady bilimleri kemala getirmegiň özboluşly ýol
kartasydyr.
Munuň özi
türkmen ykdysadyýeti üçin hil taýdan täze tapgyrdyr. Milli Liderimiziň senagat
toplumynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň, obasenagat toplumynyň,
şeýle hem Türkmenistan üçin düýbünden täze bolan ulgamlaryň bäsdeşlige
ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatyň üstünlikli durmuşa
geçirilmegi netijesinde bu tapgyra geçmek mümkin boldy.
2008 —
2018-nji ýyllarda welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň 870 müň inedördül metre
golaýy ulanmaga berildi, täze hassahanalaryň 67-si guruldy hem-de bar bolanlary
döwrebaplaşdyryldy, saglyk öýleriniň 140-sy, çagalar baglarynyň binalarynyň
258-si, orta mekdepleriň 237-si, medeniýet öýleriniň 75-si, sport mekdepleriniň
115-si guruldy, sport desgalarynyň täzeleriniň 73-si ulanmaga berildi we durky
täzelendi. Suw geçiriji ulgamlaryň 9 müň 640 kilometri, awtomobil ýollarynyň 4
müň 671 kilometri, gaz geçirijileriniň 13 müň 520 kilometri, elektrik geçiriji
ulgamlaryň 13 müň 59 kilometri, aragatnaşyk ulgamlarynyň 27 müň 681 kilometrden
gowragy çekildi, dürli göwrümdäki suw arassalaýjy desgalaryň 18-si guruldy.
Häzirki
wagtda, Türkmenistanyň iri şäherlerini, şol sanda paýtagtymyz Aşgabady, şeýle
hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny hasaba almanyňda, Milli oba
maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda durmuş we medeni maksatly desgalaryň
73-siniň, suw arassalaýjy desgalaryň 32-siniň, inžener kommunikasiýalarynyň 2,6
müň kilometrden gowragynyň, umumy meýdany 208,8 müň inedördül metre barabar
bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň
ykdysady gazananlary milli Liderimiziň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
akademigi, ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň
«Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly eserinde
beýan edildi.
Türkmenistanda
toplanan tejribe diňe bir milli däl, eýsem, dünýä derejesinde uly ähmiýete
eýedir. Häzirki wagtda Watanymyzyň üstünlikleri dünýäniň köp ýurtlarynda we
halkara bilermenlerinde uly gyzyklanma döredýär. Şunda ähli syýasatçylar,
jemgyýetçilik işgärleri, abraýly halkara guramalarynyň bilermenleri türkmen
döwletiniň jedelsiz üstünliklerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan çuňňur oýlanyşykly we döwrüň
ýagdaýlaryna laýyk gelýän syýasaty bilen berk baglanyşdyrýarlar.