2018-nji ýylda
Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda çykyş eden dört
sany taýlandly türgeniň doping ulananlygy ýüze çykaryldy. Bu barada Halkara
agyr atletika federasiýasy habar berýär.
Türgenleriň dördüsi
hem halkara ýaryşlarda ençeme medal gazanyp, özlerini subut etdiren türgenlerdir. Olaryň
ikisi, ýagny Sukanýa Srisurat we Tunýa Sukçaroýen 55 we 45 kilogram agramda
paýtagtymyzda geçirilen dünýä çempionatynyň çempiony boldular. Şeýle hem Sopita
Tanasan 49 kilogramda dördünji, Çitçanak Pulsabsakul 87 kilogramda altynjy orny
eýeläpdi.
Bellenilişi ýaly geçen ýyl Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynda zenanlar arasynda 45 kilogram agramda Tunýa Sukçaroýen altyn medalyň, ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa bolsa umumylykda kümüş medalynyň eýesi bolupdy. Häzirki ýagdaýda hemme zat öňki-öňküliginde galýar. Eger-de taýlandly türgeniň medaly yzyna alnan ýagdaýynda, altyn medal ildeşimiz Ýulduza gowşurylar. Şonluk bilen hem, Ýulduz Jumabaýewa dünýäniň çempiony bolar.
«Milli goşun».