Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary paýtagtymyzda 10 — 25-nji maý günlerinde ekologik çäräni guramak baradaky başlangyç bilen çykyş edýär. Bu çärä isleg bildirýän adamlaryň ählisi gatnaşyp biler.
Türkmenistanda geçirilýän welosipedli ýörişler ilatyň saglygyny berkitmäge, welosiped hereketini wagyz etmäge ýardam berýär. Şeýle çäreler oňa gatnaşyjylara sportuň özlerine ýakyn görnüşleri bilen meşgullanmaga itergi berýär, dynç alyş hem-de wagyz işlerini utgaşdyryp, ajaýyp ruhubelentlik güýjüni eçilýär.
Ekologik çäreler tebigata aýawly garamak boýunça asylly däpleriň mynasyp dowamydyr hem-de Aşgabadyň şanly 140 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli guralýan çäreleriň hatarynda mynasyp orun eýelär.