15-nji aprelda
Mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça
gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion
toparyň ýanynda döredilen Iş toparynyň nobatdaky maslahaty geçirildi.
Düzümine milli
parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we dolandyryş edaralaryň, hukuk
goraýjy edaralaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň
wekilleri, alymlar, şeýle hem Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň
bilermenleri girýän Iş topary «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we
goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň ähli halkymyzyň işjeň
gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylan taslamasy boýunça gelip gowuşýan
teklipleri öwrenmegi dowam etdiler.
Maslahatda
ýurdumyzyň kanunçykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşynyň
döredilmegi bilen bagly meseleler esasy işleriň hatarynda görkezildi. Şunuň
bilen baglylykda, Türkmenistanyň hereket edýän Kanunlaryna degişli üýtgetmeleri
we goşmaçalary girizmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata gatnaşyjylar Iş toparynyň işleri bilen bagly bolan, şol sanda ilat arasynda wagyz-nesihat hem-de düşündiriş işlerini geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny kesgitlediler.